قالب وردپرس

October 18, 2019

Hüwdüler

Hüwdüler

Hüwdüler

Hüwdüler hem halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, olar diňe çagalara degişlidir.

Hüwdüler esasan iki topara bolünip, olaryň birnäçesi oglanlara, birnäçesi hem gyzlara degişlidir. Oglanlara bagyşlanylyp aýdylýan hüwdülerde köplenç olaryň edermen, batyr we gaýduwsyz bolmaklary arzuw edilýär.

Gyzlar hakynda aýdylýan hüwdülerde bolsa olaryň gözelligi, elleriniň hünärli bolmaklygy, arassalygy we şuňa meňzeş oňat häsiýetli bolup ýetişmekleri suratlandyrylýar. Şunuň üçin hem birnäçe hüwdülerde oglanlar esasan güýçli zatlara, gyzlar bolsa güle, owadan guşlara, towşana, keýige we başgalara meňzedilýär.

Aýlanaýyn adyňdan,

Sallançakda badyňdan,

Bezenip ata çyksaň,

Çykarmagyn ýadyňdan.

—–

Allaý-allaý almaly,

Ala gözi sürmeli,

Säher turup görmeli,

Alyn saçyn örmeli.

—–

Allaý-allaý el biter,

Nar agaja gül biter,

Üç ýaşyna baranda,

Saýrap duran dil biter.

—–

Allalasam alaşa,

Ala donlar ýaraşa,

Arada alma goýsaň,

Dosty bile paýlaşa.

—–

Alma gözlim aýlançak,

Akar suwlar bulançak,

Altmyş başly ak öýüň,

Gelişigi sallançak.

—–

Atlanyp awa gider,

Towşanly daga gider,

Towşan asar ýanyna,

Gany damar donuna,

Aryp-ýadap gelende,

Ejeň gurban janyňa.

—–

Ballym adam tüýsüdir,

Ysy-güller ysydyr,

Ballyma at dakanyň,

Özi adam pisidir.

—–

Boýuň uzap saýlansyn,

Eneň senden aýlansyn,

Erte seniň toýuňda,

Bedew atlar şaýlansyn.

—–

Guşlar tutsam serçeden,

Geýim geýsem parçadan,

Ballyma bir öý tutsam,

Jenewütden, arçadan.

—–

Meniň balam üşäpdir,

Dagdan alma daşapdyr,

Almasyn aldyrypdyr,

Gulpagyn ýoldurypdyr.

—–

Alnan ýeri:

(Türkmen Poeziýasynyň Antologiýasy- Aşgabat 1958)

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: