
HOŞOWAZLY GYJAK HAKDA
„1925-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň haýyşy bilen rus kompository prof. W.A.Uspenski Türkmenistana gelip, ençeme obalara aýlanyp çykýar we şol döwrüň iň atly bagşy-sazandalary bilen duşuşyp, olardan halk aýdymlaryny we köp sazlary ýazyp alýar.
Gyjagyň hem ýaňy-ýaňylar 1860-njy ýyllarda peýda bolandygyny, şondan öň bu saz guralynyň türkmenlerde bolmandygyny Daşhowuzly bagşylar Uspenskä habar beripdirler¹.“
„Süýkelip çalynýan bu saz guralynyň ady, alym Ş. Gullyýewiň pikirine görä , ses meňzetmesi, ýagny gyžžyldap çykarýan sesi bilen baglanyşyklydyr².“
„Gyjagyň kädisi ilki-ilkiler kädiden, soňra kem-kemden kämilleşdirilip, tut agajyndan ýasalyp başlanýar. Türkmen milli saz sungatyny ösdürmekde ussat gyjakçylar bolan Hanmämmet gyjakçynyň, Pürli Sarynyň, Sapar Bekiniň, Çary Gurbanyň, Oraz Sarynyň, Ata Ablynyň we başgalaryň hyzmatlary uludyr³.“
Ýeri gelende Türkmensahraň hem uly ussat gyjakçy sazandalary bolndygyny nygtap, türkmen aýdym-sazyna uly hyzmatlar eden ussat Towşan gyjakçy, Arazmuhammet Kelte, Garrawy, Rahmangylyç Ýomudy, Baýjan Ýomudy we başgalary agzap, at çekmegi örän ýerlikli bildik.
————
1- Türkmen halk poezyýasy, Weliýew B., ylym 1983,
2- Türkmen diliniň sözköki sözlügi- Soltanşa Atanyýazow
3- Türkmen Sowet Ensiklopediýasy