
Sary hazan geldi meniň ülkäme,
Çölleriň gujagy saraldy gitdi.
Bulut oýnap çal reňkli asmanda,
Goja daglaň başy garaldy gitdi.
***
Hazan Hazar boýdan leşgerin çekdi,
Tomus baýram edip kilimin kakdy,
Gijeler uzalyp ummana ýetdi,
Gündizler gysylyp daraldy gitdi.
***
Gijeleri bardyr gursagy ýaşly,
Gündizleri bardyr sam-sary saçly,
Serwüleri bardyr zülpi kümüşli,
Entejik şemala yraldy gitdi.
***
Aý ýaňagyna altyn halka dakypdyr,
Sary köýnekli gyz seýle çykypdyr,
Baglarynda alma hem nar bişipdir,
Gujagyna goşa nar aldy-da gitdi.
***
Aýralyklaň sesi gelýär uzakdan,
Hanjar çekilip dur her gözenekden,
Ýar wepasyn soradym men ýaprakdan,
Diýdi, ýary menden zor aldy gitdi.
***
Hijranyň elinden saraldy ýaprak,
Gujak açyp ony çagyrdy toprak,
Hazanyň wepasyz söwdasyna bak,
Ýamanlar ýagşydan ar aldy gitdi.
***
Zaman geçip barýar kerwenni çekip,
Dost ýüzi ýat oldy arasyn açyp,
Ýar geler ýoluna gözlerim bakyp,
Iňriklere yntyzar oldy-da gitdi.
***
Dört pasylyň dördüsi-de geregim,
Adamlara ak bagtdyr dilegim,
Bardy bahar ýaly bir ýaş ýüregim,
Ony-da elimden ýar aldy gitdi.
***
Sawçy-1989