قالب وردپرس

October 25, 2020

HALK DÖREDIJILIGI, EDEBIÝATYŇ ÖZENI

HALK DÖREDIJILIGI, EDEBIÝATYŇ ÖZENI

HALK DÖREDIJILIGI, EDEBIÝATYŇ ÖZENI

 

Başga halklarda hem bolşy ýaly, biziň-de ene-atalarymyz ummasyz bir ruhy baýlygy, diýmek türkmen halk döredijiligini bize miras galdyrypdyrlar. Ol nakyllar, läleler, hüwdüler, sanawaçlar, matallar, monjukatdylar, dessanlar, aýdym-sazlar, ertekiler, şorta sözler, oýunlar we ş. m. –den ybarat bolýar.

 

Halk döredijiligi ýazuw edebiýatynyň döremegine we kemala gelmegine kesgitli itergi beripdir. Edebiýat bolsa ähli ugurlarda gerek bolan çeperçiligi halk döredijiliginden öwrenipdir we alypdyr. Diýmek halk döredijiligi edebiýatyň özeni, başlangyjy we daýanjydyr.

 

Şeýle-de bolsa, biz bu ýerde bularyň käbir aýratynlyklaryny gözden geçirýäris:

 

1- Ýazuw edebiýaty belli bir ýazyjy ýa-da şahyr tarapyndan döredilýär, halk döredijiligi bolsa köpçüligiň işidir.

 

2- Ýazuw edebiýatynyň teksti durnukly bolýar. Diýmek ony ýazyjydan başga hiç kimiň üýtgetmäge haky ýokdur. Emma halk döredijiligi ilki ukyply bir adam tarapyndan döredilýär we soňra halk köpçüliginde timarlanyp, iň çeper derejelere ýetýär. (Nusga alarlyk bir nakyl: Oýnap aýtsaň-da, oýlap aýt!)

 

3- Ýazuw edebiýatynyň ýazylan wagty bellidir, ýöne halk döredijiliginiň haçan döränligi belli bolman galýar.

 

4- Ýazuw edebiýaty çap edilmek bilen köpçülige ýaýrasa, halk döredijiligi dilden-dile geçmek bilen, bagşylaryň-şahyrlaryň dilinde gaýtalanmak bilen yzygiderli nesilden-nesle ýaýraýar.

 

 

Taýýarlan: Suwhan Gylyçtagan

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: