XI asyr alymy Mahmyt Kaşgarly 22 (hakykatda 24) türkmen taýpasynyň 17-njisi hökmünde Ula-Ýondulug diýen taýpanyň adyny ilkinji gezek tutýar. Reşideddin (XIV asyr), türk alymy Ýazyjy-ogly (XV), Salar Baba Gulaly ogly (XVI), Abylgazy (XVII) ýaly alymlaryň işlerinde Alaýondly—adam ady, ýagny Oguz hanyň Dag...
Peder bize miras goýmuş bu derdi. (Pyragy) Geçen Penşenbe güni (03.12.2020), Swedende ýaşaýan uly agamyz Jepbar Mähşidiň örän biwagt we duýdansyz aradan çykdy diýen habaryny gynanç bilen eşitdik. Jepbar aga Türkiýede arhytektur okuwyny gutaryp Swedene barandan soň, türkmen medeniýetiniň ugrunda ilkinjil...
(Nizametdin Mir Alyşyr, 1441-1501) Gündogar edebiýatynyň klassik şahyry, döwlet işgäri, sazanda, suratçy, dilçi şeýle-de ylym we medeniýet işgäri. Alyşir Nowaýy Owganystanyň Hyrat şäherinde eneden bolýar. Ol Timurly döwletiniň uly işgäri Kyýasetdin Kiçginäniň ogludyr. Alyşi...
Türkmen halkynyň taryhynda Türkmen Sowet Ensiklopediýasynyň ýazyp bitirilen iň uly işdigine ikirjiňlenip bolmaz. Onda ýüzlerçe taryhçy, ýazyjy, şahyr, suratçy we ýene ş.m. uly adamlarymyzyň zähmeti bir ýere toplanypdyr. Elbetde, ensiklopediýanyň ýazylmagyndan esasy maksat sosýalistik sisteminiň kapitali...
Kese: Gaýnan suwdan göçüp çykýan çygly howa. Süýji däl. (Tagam ýa-da söz hakda) Keýpi kök, şadyýan. Dik: “…” bolmasa, göwre läş.(nakyl), kelle. Oňurga süňküniň ujundaky egrije süňk. 3- Seýrek gabat gelýän, bol däl, az.
Halk döredijiliginde duş gelýän degişme häsiýetli, gülküli we sosýal ýiti tankydy dilde aýdylýan kiçi göwrümli hekaýalara ŞORTA SÖZ diýilýär. Çeper dilde aýdylýan şorta sözler adamlary güldürýär we göwün açýar. Şorta söz aýtmak toý-tomaşanyň we oturyşma-turuşmalaryň bezegi bolup, gymmatly bir däp hökmün...
22-nji September (1-nji Mehr) Türkmensahrada hem mekdepleriň täzeden açylyp, täze okuw ýylynyň başlanýan günüdir.Şeýle bir günde, biz on müňlerçe şirin-şeker ogul-gyzlaryň ylym we bilim üçin göterýän aýgytly ädimlerini, ylaýta-da 6-7 ýaşyny dolduran zürýatlaryň mekdebe basýan ilkinji ädimlerini tüýs ýür...
Penşenbe güni (24. September) Türkmensahraň at gazanan bagşy we sazandary Rahym Hywalynyň aradan çykdy diýen habaryny gynanç bilen eşitdik. Rahym Gereý (Hywaly) türkmen aýdym-sazynyň halypalyk derejesine ýetenleriň biridi. Biz bu agyr ýitgi zerarly bütin türkmen medeni toparlary bilen duýgudaşlyk...
“Ruhnama” kitabynda şeýle ýazylýar: ”1889-njy ýylda Günbatar Sibirde Orhon derýasynyň akymynda, ýüzünde taryhy ýazgyly daşlar tapylýar.” Biz Orhon derýasynyň Mogolystanda bolandygyny öň aýdypdyk. Günbatar Sibirde bolsa, Ýeniseý derýasynyň boýunda, Orhon elipbiýinde ýazylan daşlar tapylypdyr. Şonuň...
1889-njy ýylda, Mogolystanda dört töweregi ýazylan we dikeldilen daşlar tapylýar. Bu ýazgylaryň natanyş elipbiýini birnäçe ýyllap hiç kim okap bilmeýär. 1893-nji ýylda Danmarkly dil alymy Wilhelm Thomsen bu elipbiýiň syrlaryny çözýär we ýazgylaryň 8-nji asyr Mogolystanyň günbatar ýarymynda höküm s...
SÖZÜŇ BAŞYNDA WE BEÝLEKI ÝERLERDE /F/ SESI Bu ses türkmençe sözleriň başynda görünmez. Türkmen sözleriniň başga ýerlerinde bolsa diňe üflemek, tüflemek, çüflemek ýaly tebigy seslerde ulanylýar. Türkmen edebi dilindäki türkmençe sözlerde bu ses ýokdur. Türkmen dilinde arap we pars dillerinden alnan sözle...