
Peder bize miras goýmuş bu derdi. (Pyragy)
Geçen Penşenbe güni (03.12.2020), Swedende ýaşaýan uly agamyz Jepbar Mähşidiň örän biwagt we duýdansyz aradan çykdy diýen habaryny gynanç bilen eşitdik.
Jepbar aga Türkiýede arhytektur okuwyny gutaryp Swedene barandan soň, türkmen medeniýetiniň ugrunda ilkinjileriň biri bolup, ýeňlerini çermäp işe girişdi.
Biz bu ýitginiň agyr agysyny bütin ildeşlerimiz bilen paýlaşyp, merhumyň maşgalasyna we ähli galanlaryna sabyr, kuwwat we uzak ömür dileýäris!
Yzy ýarasyn!
Ýatan ýeri ýagty bolsun!
Türkmen Kultur Ojagy
Köln, 05.12.2020