
Guzudan yňramaza çenli
Türkmenlerde ylaýta-da gurbanlyk günlerinde köp gürrüňi geçýän goýnuň, dürli-dürli atlary bar. Örän bir inçelik bilen berlen bu atlar, onuň et-ýagynyň, süýdüniň, ýüňüniň, deri we baganasynyň biziň geçmişimizde-de has uly ähemiýete eýe bolandygyny görkezýär.
Körpe guzy = entek emýän guzy, guzy bir aýlyk bolýança.
Tokar guzy = enesinden aýrylan guzy, alty aýa çenli.
Tokly = alty aýdan bir ýaşa çenli.
Işşek = Bir ýaşyny dolduryp, iki ýaşyna giden goýun. (2 ýaşyň içinde)
Öweç = Iki ýaşap, üç ýaşa giden goýun. (3 ýaşyň içinde)
Maň = dört ýaşyndaky goýun.
Maňramaz = bäş ýaşyndaky goýun.
Mälemez = alty ýaşan goýun.
Yňramaz = alty ýaşdan geçen goýun.