
Gurbannazar Eziziň hatyrasyna
“El hünäri il gezermiş, aň hünäri Dünýäni!
Sen Watansyz hasap etme gonup-göçen durnany.”
Gurbannazar Ezizow XX asyr türkmen şahyrlarynyň iň beýikleriniň biridir.
Ol 1940-njy ýylyň Mart aýynda Aşgabat raýonynyň Büzmeýin obasynda dogulýar. 1959-njy ýylda orta mekdebi we 1964-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň okuwyny tamamlaýar.
Şahyryň eserleri 1955-nji ýyldan çap bolup başlaýar.
Ol ilki Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksionunda we 1965 den tä 1970-nji ýyla çenli «Edebiýat we sungat» gazetiniň şygriýet bölüminiň müdiri bolup işleýär.
Şahyr hakda türkmen wikipediýasynda şeýle setirler bar:
“Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär) aradan çykýar…”
“Serpaý” Şahyryň iň soňky goşgusydyr.
…
Söýüň meni siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý,
Men size bahasyz serpaý ederin —
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.