قالب وردپرس

November 12, 2019

GORKUT ATA DESSANYNYŇ 3-NJI NUSGASY TAPYLDY

GORKUT ATA DESSANYNYŇ 3-NJI NUSGASY TAPYLDY

GORKUT ATA DESSANYNYŇ 3-NJI NUSGASY TAPYLDY

Gorkut Ata dessanynyň 3-nji nusgasy tapyldy we şonuň bilen dessanyň 13-nji boýy hem orta çykdy. Gazagystanyň Maňgyşlagynda tapylan bu nusgany türkolog Prof. Metin Ekiji tassyklady. 61 sahypadan ybarat bolan bu nusganyň, öňki Watikanda hem-de Almanyň Dresden şäherinde saklanýan iki nusgadan öňräk ýazylandygy çak edilýär. Prof. Ekiji bu eseriň “Türkistan nusgasy” ady bilen ýaýradyljagyny aýdýar. 13-nji dessanyň bir bölümi Salyr Gazanyň 7 başly aždary öldürmegidir.

Uly türkologlaryň biri hökmünde kabul edilen Prof. Dr. Fuat Köprüli, Gorkut Atanyň türk edebiýaty we medeniýeti üçin bolan ähemiýetini şeýle düşündiripdir: “Bütin türk edebiýatyny tereziň bir gözünde we Gorkut Ata kitabyny ol bir gözünde goýsaňyz, Gurkut Ata agyr basar.”

 

Türk dilinde bolan KARAR sahypasyndan alyndy.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: