قالب وردپرس

September 19, 2020

GÖWNI AÇYGYŇ ÝOLY AÇYK

GÖWNI AÇYGYŇ ÝOLY AÇYK

GÖWNI AÇYGYŇ ÝOLY AÇYK

 

Gadyrdan dostlar,

 

Bu ýyl Gurbanlyk baýramynyň mynasybetine Türkmen Kultur Ojagynyň guran duşuşygyna gelen güler ýüzli myhmanlary tebigat hem açyk göwün bilen garşylady. Enaýy bir howada myhmanlaryň dostlukly gürrüňleri we gülküleri bütin Blücher parka dolupdy.

Bu üýşmeleňe ýakyndan we uzakdan 40 töweregi myhman gatnaşydy. Onuň uly bir bölegi ýaş-ýetginjeklerden we çagalardan ybarat bolmagy, bizi has hem begendirdi.

Bu duşuşygy uzak ýurtlardan içgin gutlan hormatly ildeşlerimizden:

Türkiýeden hormatly ýaşulymyz Dr. Hamid Mahşit,

Englanddan hormatly ýaşylymyz Ýakub A. Zade,

Hollandan hormatly uýamyz Meňli Uçar,

Berlinden hormatly agamyz Ýusuf Kor .

 

Açyk göwün we baý ýürek bilen gelip gatnaşmagyňyz we aýdan gutlag sözleriňiz üçin tüýs ýürekden bolan minnetdarlygymyzy bildirýäris.

 

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 27.08.2018

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: