قالب وردپرس

October 18, 2019

GÖROGLY DESSANY HAÇAN WE NÄHILI DÖREDI?

GÖROGLY DESSANY HAÇAN WE NÄHILI DÖREDI?

GÖROGLY DESSANY HAÇAN WE NÄHILI DÖREDI?

 

Oguzlaryň öz dillerinde ýazylan ýekeje dessanlary Gorkut Ata dessanlarydyr. Bu dessan soňky asyrlara çenli Anadoly we Iran türkleriniň arasynda söýgi bilen okalyp we diňlenipdir.

Hazar Ýokarysy türkmenlerinde hem gadymdan bäri oguznamalaryň we şonuň bilen Gorkut Ata we Salyr Gazana degişli boýlaryň bolandygyny bilýäris.

 

XVII. asyrdan soň bu dessanlar Türkiýede öz ähemiýetini elden berip başladylar we olaryň ýerini Görogly dessany aldy. Ozanlaryň ýerine aşyklar geldi. Bular bolsa täze bir dessany, Görogly dessanyny aýdýardylar.

 

Bu özgerişiň XVI. Asyryň soňlarynda Türkiýede köne jemgiýetçilik düzgüniň ýykylmagy bilen baglydygy hakykatdyr.  Köne düzgüniň ýykylmasy diňe Gorkut Ata dessanlarynyň ähemiýetini kemeltmek bilen çäklenmän, eýsem döwleti-de gudratdan düşürip, türk halkyny hem ejiz, ýoksul we hasratly bir jemgiýet halyna getirdi. Görogly bolsa şeýle bir jemgiýetiň dessanydyr.

 

Görogly, XVI. asyryň ikinji ýarymynyň ortalarynda Bolu welaýatynyň Gerede obasynda, on bäş- ýigrim adam bilen garakçylyga başlan bir ýigitdi. Belli bolşuna görä, ol bu işini soň Tokat-Sivas arasynda bolan Çamli Bel´de (Çandy Bilde) dowam etdirýär.

 

Görogly dessany Türkiýeden Irana gidip, ol ýerdäki türkleriň-de iň söýen dessanyna owrüldi. Soň ol Hazar Ýokarsy türkmenlerine-de ulaşdy we olar hem muny öz milli dessanlary hökmünde özleşdirdiler.

 

Molla Nasreddiniň hekaýalary we Görogly dessany Türkiýeden Azerbaýjana we Hazar Ýokarsy türkmenlere giden bolsa, ol ýerden hem Asly-Kerem, Arzy-Gambar, Şah Ismaýil, Aşyk Garyp ýaly halk romanlary Anadola geldi.

 

Mundan başga-da Şirin-Perhat we Zöhre-Tahyr ýaly halk dessanlary bütin türk-türkmenleriň   söýýän dessanlarydyr.

 

Şeýlelik bilen aralarynda bolan dini (mezhep) gapma-garşylyklara garamazdan, oguzyň üç sany aýry ýerlerde oturan toplumlarynyň arasynda täze bir ortak medeni baýlyk hasyl boldy. Munuň özi örän dykgat bilen üns berilmeli bir ýagdaýdyr.

 

 

Prof. Dr. Faruk Sümeriň “Oguzlar (Türkmenler)”

atly kitabyndan alnan bilgiler.

 

Taýýarlan: Suwhan Gylyçtagan

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: