قالب وردپرس

September 19, 2020

GÖKDEPE SÖWEŞI

GÖKDEPE SÖWEŞI

19-njy asyryň ikinji ýarymynda Russyýa Orta Asyýany eýelemek üçin öz basybalyjylykly hereketlerini başlady. Elbetde ol 18-nji asyryň başyndan bäri, bu ýerleri tanamak maksady bilen söwda ýollaryndan peýdalanyp, ençeme barlag (ekspedition) ýörişleri geçiripdi.

 

Bu basybalyjylykly hereketleriň dowamynda türkmenleriň geljek ykbalyny kesgitlän 1881-nji ýylyň 12-nji Ýanuarynda Gökdepe galasynyň synmagy boldy.

 

Gökdepede geçen deňsiz söweşde ruslaryň general Skobelewiň ýolbaşçylygynda bolan goşunynyň Dezemberiň ortasyndan başlap galany top okuna tutmagy we 12- nji Ýanuarda, galanyň diwarynyň aşagynda gazylan nagymda 70 put därini partladyp, eden çozuşlarynyň netijesinde 15 müň töweregi türkmen şehit bolup, atlaryny türkmen taryhyna berdiler.

 

Ýatan ýerleri ýagty we ýollary ýörgünli bolsun!

———————

Put, agram ölçegi , 1 put = 16 kg (70 put = 1120 kg)

 

Taýýarlan: Suwhan Gylyçtagan

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: