
Gaýçy sözüniň köki
Mata ýaly närseleri gyýmak, kesmek üçin ulanylýan bu guralyň ady işligiň gyý kökünden we onuň niýetlenen ugruny bildiriji –yjy goşulmasyndan durýar. Manysy- «gyýyjy» , «kesiji» . Soňra bu adyň birinji y sesi a sesine öwrülipdir. Bu türki söz geýçi görnüşinde pars diline-de geçipdir.
Türkmen diliniň sözköki sözlüginden