
GAPYRGA SÖZÜNIŇ KÖKI
Türkmen Diliniň Düşündirişli Sözlügi: GAPYRGA [gapyrğa] I, at. Oňurga süňki bilen döşi birleşdirýän insiz uzyn ýaý görnüşli süňkler.
Türkmen Diliniň Sözköki Sözlüginde bolsa bu hakda şeýle setirler bar:
„Gapyrga – döş kapasasynyň daşyna aýlanyp, onuň içinde ýerleşen synalarymyza galkan bolýan we olary gorap saklaýan süňkleriň gapyrga diýen ady gapmak («gabsamak» , «örtmek») işliginiň gap köküne yr- we –ga goşulmagyndan hasyl bolupdyr. (edil oňurga sözündäki ýaly). Adyň manysy: «içki synalaryň daşynyň örtügi, galasy» .“
Dehkhoda we Moin (Moi:n) ýaly pars sözlüklerinde-de bellenişi ýaly, gapyrga sözi pars diline قبرغه (gäbräge ýa-da gäbroge) görnüşinde türk dilinden geçipdir.
Surat: GAPYRGA nagşy türkmen asmalygynda