قالب وردپرس

October 25, 2020

GADAK, GADAGAN we GAÝGY sözleri bir kökdendir.

GADAK, GADAGAN we GAÝGY sözleri bir kökdendir.

GADAK, GADAGAN we GAÝGY sözleri bir kökdendir.

 

GADAK, gadalmak – Türki dillerde 409,5 gramlyk agyrlyk ölçegini bildirýän gadak sözi «çüý» manysyndaky gadak sözünden emele gelipdir. Geçmişde ýokary çekilip ölçelýän goşa çanakly, zynjyrly el terezilerinde peýkamyň belli bir mukdardaky agyrlygy görkezýän ýerlerine çüý kakylyp, bellik edilipdir. Şol terezilere-de gadakly («çüýli») terezi diýipdirler, soňra terezi sözi düşüp galypdyr, gadak sözi hem funta deň bolan agyrlygy aňlatmaga başlapdyr. Aslynda gadak sözi «sünçmek», «kakmak», «somaldyp, söýäp, diräp goýmak» manylaryndaky gadamak işligindendir. Gözüň öňünde sömelip, direnip duran adama edebi dilde gazarylyp duran diýilýän bolsa, şiwelerde ol gadalyp dur görnüşinde duş gelýär. Köne türki dillerde akýan suwuň öňüne böwet bolup duran päsgeliň, daşyň gadak diýen ady hem bu sözüň şol manysy bilen baglydyr.

 

GADAGAN – «Bökdew», «böwet», «päsgel» manysyndaky bu söz gadymy türki gad işliginden we -a hem-de -gan goşulmalaryndan durýar. Gad (gaz) sözi «öňe gitmäge, seretmäge päsgel berip, sömelip durmak» manysyndaky gadalmak/gazalmak, şeýle-de «çüý» manysyndaky gadak sözleriniň düzüminde hem duş gelýär. Ýoldan geçmegi bökdeýän kese agaç hem gadakdyr. Käbir türki halklar gazyga-da gadak, gadyk diýýärler. Diýmek, gadagan – «bökdenç», «rugsat berilmeýän» diýen manydadyr.

 

GAÝGY – Iňňän irki eýýamda gaýgy sözi kadgu şekilinde ulanylypdyr. «Kutadgu-biligde» ol kadgu, Kaşgarlynyň «Diwanynda» hem kadgu/kazgu görnüşlerde duş gelýär. Bu sözüň kad köki «bökdenç», «päsgel», «azap» manysynda bolup (ser. Gadagan), -gu goşulmasyny kabul etmek bilen, şatlygy bökdeýän, onuň ýoluny ýapýan «gam», «gussa», «matam», «alada» ýaly erbet duýgulary aňlatmaga başlapdyr. Kadgu sözi soňra gaýgy görnüşine geçipdir. Gaýgy sözi biçüwindäki sözlere ýene mysallar: sargy, bergi, görgi, eýgi, söýgi we ş.m.

(Türkmen Diliniň Sözköki Sözlüginden)

———————-

 

Dehkhoda we Ämid atly pars diliniň sözlüklerinde hem « gadagan » sözüniň

«  قدغن  »   görnüşinde türki dilden pars diline geçendigi nygtalýar.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: