قالب وردپرس

October 18, 2019

„ESEN“ we „SÖÝÜN“ araplardan alnan atlarmy?

„ESEN“ we „SÖÝÜN“ araplardan alnan atlarmy?

„ESEN“ we „SÖÝÜN“ araplardan alnan atlarmy?

 

Türkmen alymy Soltanşa Ataniýazowyň “Adyň name?” diýen kitabynda, türkmen atlary düşündirip ýazan sözlüginde şeýle setirler bar:

Esen- Hasan, ýagny oňat.

Söýün- (arapça Husaýn)- oňatja, gowuja.

 

Türkmensahraly ýazyjy we edebiýatyň çeper işgäri hormatly Gurban Sähet Badahşan hem öz “Türkmen atlary” diýen kitabynda “Esen” adyny “Hasan” diýip düşündirýär.

 

Esen we Söýün dogrudan araplardan alnan atlarmy? Bu pikire garşy durýanlar hem az däl. Mysal üçin dini we edebi ylymlarynyň ussat mugallymy hormatly ýaşulymyz Weli Muhammet Ahun Arzaneş “Esen” we “Söýün” atlarynyň köne türkmen sözleri we atlary bolandygyny nygtaýar.

 

Bu sözler Türkmen Diliniň Düşündirişli Sözlüginde hem bar:

Esen- sag-gurgun, sag-salamat, aman.

Söýünmek- birinden ýa-da bir zatdan hoşal bolmak, şatlanmak, guwanmak, begenmek.

 

Azerbaýjanly alym Ismail Hadi, “DIL DENIZ” türkçenin etimolojik sözlügü atly kitabynda bu hakda uly alym Mahmyt Kaşgarlyň Diwanyna esaslanyp, şeýle ýazýar:

-Esen- sag, sagdyn (Diwan). Aslynda “Esen”, esmek işliginden dörän atdyr, Esen ýany sagdyn, dik we aýak üstünde diýmekdir.

 

Türkmen Diliniň Sözköki Sözlügine görä:

Eselmek- esasy manysy “beýgelmek, ýokarlanmak”. Es sözi ös (ösmek) sözi bilen asyldaşdyr.

 

Bu aýdylanlara görä, “Esen” we “Söýün” atlarynyň türkmençedigine ynanmaga berk esas bar. Eger-de söýünmek, guwanmak we begenmek bolup, “Guwanç” we “Begenç’ türkmen atlary bolýan bolsa, “Söýün”-iň hem türkmen ady bolup bilmejekdigine düýpli bir esas ýokdur.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: