ENE DILIMIZDE « TIRKEŞ SÖZLER »
Mysal: ene-ata, soraşa-soraşa, uly-kiçi, bölek-büçek, paty-puty.
Iki sözüň ýa bölegiň yzly-yzyna tirkeşip gelip täze bir many aňladýan sözlere TIRKEŞ SÖZLER diýilýär. Ýazuwda tirkeş sözleri we bölekleri birleşdiriji alamat hökmünde olaryň arasynda kese çyzyk (minus) goýulýar.
TIRKEŞ SÖZLER aşakdakylar ýaly ýasalýarlar:
1.a- Iki sany biri-birine ýakyn manyly sözleriň yzly-yzyna tirkeşip gelmeginden: ene-ata, ogul-gyz, käse-çäýnek, ýol-ýoda.
1.b- Bir sözüň şol durşuna iki gezek gaýtalanyp tirkeşdirilmegi bilen: soraşa-soraşa, düzüm-düzüm, örüm-örüm, hatar-hatar,
1.ç- Garşydaş sözleriň (antonimleriň) tirkeşip gelmegi bilen: uly-kiçi, ak-gara, gije-gündiz.
1.d- Manydaş sözleriň (sinonimleriň) tirkeşip gelmegi bilen: Dogan-garyndaş, tertip-düzgün, ýagyşly-ýagmyrly.
- Iki gezek gaýtalanan bir sözüň aralygyndan -a, -e, -ba, -be, -ma, -me, -ha, -hä goşulmalaryny getirmek bilen. geçe-geç, githä-git, ýylba-ýyl.
- Ilki sözi manyly, ikinjisi many aňlatmaýan bölegiň tirkeşdirilip ulanylmagyndan:
Köne-küşül, bölek-büçek, sowuk-sala, süýt-püýt.
- Iki sany many aňlatmaýan bölegiň tirkeşdirilip ulanylmagyndan: paty-puty, gürüm-jürüm, ümüş-tamyş, gümür-ýamyr.
salam gaty gyzykly saýt sa