
Ene-atalarymyzdan miras galan dürdänelerden:
Nakyllar -(K…)
Ker bilen hylwat kylma.
Kimse dile düşer, kimse üm bilen.
Kiri kir açar, kinäni söz.
Kişi alasy içinde, ýylky alasy daşynda.
Köpi söýmedik köpünsiz gömüler.
Köpüň dilegi köl bolar.
Kyrk ýyl gyran gelse, ajally öler.
Surat: 19-njy asyr türkmen şaý-seplerinden, « Açar-bag » .