قالب وردپرس

November 29, 2020

EMIR ALYŞIR NOWAÝY

EMIR ALYŞIR NOWAÝY

(Nizametdin Mir Alyşyr,  1441-1501)

Gündogar edebiýatynyň klassik şahyry, döwlet işgäri, sazanda, suratçy, dilçi şeýle-de ylym we medeniýet işgäri.    

Alyşir Nowaýy Owganystanyň Hyrat şäherinde eneden bolýar. Ol Timurly döwletiniň uly işgäri Kyýasetdin Kiçginäniň ogludyr. Alyşir Timur hanyň ýuwlugy bolan Söýün Baýkara bilen ýaşdaş bolup, bir mekdepde okapdyr. 1469-njy ýylda Söýün Baýkara Horasanyň şasy bolýar we Nowaýyny özüne möhürdar edip alýar. Ol 1472-nji ýylda bolsa wezirlige bellenýär we adyna EMIR (Mir) sözi goşulýar. Emir Alyşir bu wezipelerde bolan wagtlarynda bütin alymlary, sazandalary, suratçylary, bitikçileri, şahyrlary goldapdyr we olara arka bolupdyr.

Emir Alyşir Nowaýynyň 30-a golaý goşgy ýygyndylarynyň köpüsi türki we çagataý dillerindedir. Onuň pars dilinde ýazan eserleri hem bar.

Türkmen sazynyň Nowaýy perdesi hem adyny Emir Alyşirden alýar.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: