
Türkmen toýunyň iň gözel däpleriniň biri-de elleşdirmedir. Toýuň ilkinji güni, agşamara gelin bilen ýigidiň ellerini birinji gezek bir-birine gowşuryp, ýigit tarapdan bolan söze çeper we dilewar eneleriň ýa-da gelin-gyzlaryň biri iň gözel we çuňňur arzuwlardan düzülen çeper sözler we goşgular aýdýar. Ine şol sözlerden birnäçe mysal:
Alaja köýnek geýdirme,
Arpa çörek iýdirme,
Agyzla gapdyrma,
Toýnukla depdirme.
***
Çaýyr ýaly çyrmaşsyn,
Ýüpek ýaly igeşsin,
Al ýaňakdan öpüşsin,
Ala ýorgan depişsin.
***
Mudam gülüp gözlesin,
Şirin-şirin sözlesin.
Öýünde bal gaýnasyn,
Düýpde ogul oýnasyn.
***
Bu ýigit baba bolsun,
Gelin hem mama bolsun,
Bunlardan önüp-ösen,
Özi bir oba bolsun.
***
Ýaşaýyşda mes bolma,
Käsler bilen bäs bolma,
Saýla ýagşy, ýamany,
Her kim bilen dost bolma!
***
Öýken bolma, bagyr bol,
Gelinlerden agyr bol,
***
Daban bolma, aýa bol,
Il içinde maýa bol!
***
Akja şeker seçersiň,
Gamly göwnüň açarsyň,
Öz ýaryňy göreňde,
Kepder bolup uçarsyň.
***
Dakynýanyň asyk bolsun,
Duşmanlaryň basyk bolsun.
Zuleýhanyň bagtyndan,
Suleýmanyň tagtyndan.
***
Jemgiýeti üýşürdik,
Ak kejebe süýşürdik,
Aýyň on dördi güni,
Bir-birine gowşurdyk.
***
Gelni ýigide tabşyrdyk,
Ýigidi Allah tabşyrdyk.
*******