
22.Now.2019, Anna güni Türkmensahraň Kelala (Aýderwüş) şäheriniň Magtymguly adyndaky hünär we medeniýet jemgiýetiniň 152-nji oturşygy türkmen edebiýatynyň hyjuwly işgäri ussat Atanazar Bärzine ýöritelenipdi.
Bu duşuşykda türkmen medeniýetiniň saklanmagy we pajarlap ösmegi ugrunda Atanazar agaň 40 ýyl irmän-arman çeken zähmetlerine örän uly gadyrdanlyk bildirildi.
Bu dabara Hazar deňzinden Demirgazyk Horasana çenli, Türkmensahraň ähli şäher we obalarynda bolan medeni ojaklaryň we guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.