قالب وردپرس

August 08, 2020

DUÝGUDAŞLYK

DUÝGUDAŞLYK

Türkmen medeniýetini gorap saklamak ugrunda ömür boýy zähmet çeken, Türkmensahraň galjaň ogly Aýdy Gurban Wekiliniň aradan çykan habaryny  gynanç bilen eşitdik.

 

Ýazyjy we şahyr Aýdynyň türkmeniň jemgiýetçilik ýaşaýşynyň ugrunda iň uly bitiren işleriniň biri-de dil okuwyny gurnap, ýaşlara we hemme höwesjeňlere türkmen dilini öwretmek boldy.

 

Biz bu uly ýitginiň agyr agysyny merhumyň bütin maşgalasy we türkmen medeniýet ojaklary bilen paýlaşyp, ähli galanlaryna sabyr, kuwwat we uzak ömür  dileýäris!

 

Ýatan ýeri ýagty bolsun!

Yzy ýarasyn!

 

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 26.06.2020

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: