
«DÜWME» SÖZI SÖZLÜKLERDE
Türkmen Diliniň Düşündirişli sözlügi:
DÜWME II, at,gepl.d. Ilik.
DÜWMEK I, işl..Ýüpüň, ýüplügiň we ş.m. ujuny çigişdirip daňmak, ýüpüň, ýüplügiň iki ujuny biri-birine düwün edip baglamak, daňmak.
Türkmen Diliniň Sözlügi (1962):
ILIK, Giýime ýa-da başga zatlara ilidirmek üçin dakylýan düwme, sadap.
Türkmen Diliniň Sözköki Sözlügi:
Düw (tüg) sözünden we at ýasaýjy –me goşulmasyndan hasyl bolup, « düwlen , tokgalanan zat » ýaly many aňladýan DÜWME sözi daşky eşikleriň ýakalaryny biri-birine baglap saklaýan düwmeleri aňladypdyr. Ilki tokgalanan ýüňden, ýüplükden düwlüp edilen iliklere düwme diýlen bolsa, soňra ilik hyzmatyny ýerine ýetirýän çöpe, daşa hem şu at berlipdir. Manysynyň giňelmegi netijesinde düwme sözi has soňlar çagalaryň jyňňyrdaýan düwmejiklerini hem aňladypdyr. Bu söz türki dillerde şeýle görnüşlerdedir: TÜKME (Kaşgarly), TÜGME (çagataý dilleri, uýgur), DÜGME (türk) we …
Düwme sözi Ämid sözlüginde-de ( فرهنگ عمید ) nygtalyşy ýaly « dokme = دکمه » görnüşinde pars diline hem geçipdir.