
DEMIRGAZYK hakda
Günortanyň garşysynda ýatan tarapa demirgazyk, asmanyň şol çetinde görünýän iň ýaldyrak ýyldyza-da Demirgazyk ýyldyzy dilýilýär. Aslynda demirgazyk sözi ýyldyza dakylan atdyr. Bu ýyldyz ýerden sereden adam üçin ýylyň ähli paslynda, gije-gündiziň hem islendik sagadynda asmandaky ornuny üýtgetmän saklaýar. XI asyryň dilçi alymy Mahmyt Kaşgarly bu ýyldyzyň adyny Temirgazynuk görnüşinde bellemek bilen, bu adyň «demirden ýasalan berk, ýagny ýerini üýtgetmeýän gazyk» ýaly manydadygyny, hatda asmanyň (gögüň) şu ýyldyzyň daşynda aýlanýandygyny ýazypdyr. ( «Diwan» , III jilt).
Geçmişde deňizlerde ýüzen, kerwen gurap, yzak ýurtlara argyşa giden ata-babalarymyz gijesine şu ýyldyzdan ugur alypdyrlar we oňa şeýle at dakypdyrlar. Soňra bu ýyldyzyň ady onuň ýerleşen tarapyny hem aňlatmaga başlapdyr.
Türkmen diliniň sözköki sözlüginden gysgaldylyp alyndy
Demirgazyk ýyldyzy, polaris