قالب وردپرس

October 26, 2020

“DAÝHAN” NÄME DIÝÄR?

“DAÝHAN” NÄME DIÝÄR?

Ýaňy golaýda şahyr Annamuhammet Sadaň „Daýhan” atly goşgusy Türmen Kultur Ojagynyň facebook sahypasynda ýerleşdirilende, hormatly ildeşimiz Tahyr aga oňa şeýle bir sorag ýazdy:    “Shu gysga jadyly sözler bilen Shahyr nämäni anglatjak blyar?”

 

Elbetde her kimiň dünýä garaýşy öz iki gözünden başlanýar. Şonuň üçin hem şahyryň aýtjak bolýan zadyna garamazdan, bir goşgyny her kes özüçe ýorup biler. Biz hem bu ýerde Sadanyň “Daýhan” goşgusyny nähili düşünendigimizi gysgaça ýazmaga çalyşdyk.

 

Bu gysga goşgy sada we gündelik bolup duran adatlar bilen başlanýar. “Daýhan” hem beýleki adamlar ýaly işinden dolanyp gelýär. Işden gelip-de namaz okamak üçin ellerini we aýaklaryny ýuwýar. Bular ýönekeý we ýörgünli zatlar. Ýöne indi garaşylmaýan we ýörgünli bolmadyk üýtgeşik bir ýagdaý orta çykýar. Adamlar namaz okamaga namazlyk ýazsa, daýhan topragyň üstünde namaza durýar. Topragyň üstünde namaz okamak bolýarmy? Daýhan üçin bolýar. Bu daýhanyň gara topraga hapa we kirli bir zat däl-de, eýsem namazlyk ýaly arassa, ynamly we hatda mukaddes bir zat hökmünde garaýandygyny suratlandyrýar. Bu daýhanyň bir owuç sepen tohumyny batman-batman bugdaý edip berýän gara topraga, ýadasa üstünde süýnüp, dynç alýan ene topragyna ýürek-bagry bilen ynanýandygyny görkezýär.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: