
DAŇ we TANAMAK sözleriniň köki
Gadymy türki dillerde daň sözi taň, has irki eýýamlarda bolsa tan görnüşlerde ulanylypdyr. Türk dilinde häzirem daň (“säher”) sözi tan görnüşindedir. Diýmek tümlügiň ýagtylyk bilen çalşyp ugran ümüş-tamyş pursady we näbelli, garaňky, gümürtik närsäniň üstüni açyp, onuň aýyl-saýyl edilmegini (tanalmagyny) aňladýan tan, taň sözleri aslynda <<ýagtylmak>> , <<yşyk tutulmak>> , <<saýhallanmak>> manysyndaky tan kökünden emele gelipdir. Bu sözüň şol manysy Amerikaly siu indeýleriniň dilinde saklanypdyr (dilçi alymlar Amerika ýerböleginiň gadymy oturymly taýpalary bolan siu, maýýa ýaly bugdaýreňk (<< gyzylderli>> ) indeýleri Bering bogazynyň üsti bilen Asyýadan Amerika geçen we gepleşik dili hem türki dillere ýakyn bolan halk hasaplaýarlar). Ynha, şol siularyň dilinde tan ýa-da tang (taň) sözi <<daň>> , tangla sözi <<ýagtylmak>> , tangi (taňi, taňy) sözi hem <<tanyş>> manylaryny aňladýarlar. Diýmek daň, tanamak we tanyş sözleri şol bir kökden döräp, soňra many taýdan biraz üýtgeşmä sezewar bolupdyrlar.
TÜRKMEN DILINIŇ SÖZKÖKI SÖZLÜGI kitabyndan