
„DAMANA ýoly” hakda
Türkmen bagşyçylyk sungatynyň esasy ugurlarynyň biri-de Damana ýoludyr. Damana ýoly dag (Köpet dag) eteklerinde, aýratyn hem änewli, nohurly bagşylar, sazandalar tarapyndan ýerine ýetirilýän aýdym-sazlaryň äheňi, heňi we ýoludyr. Bagşyçylygyň bu ýolunda jukguldy (juk-juk) ulanylmaýar. Damana sözi näme diýmek we nireden gelipdir?
Pars dilinde dagyň etegine DAMÄNE (damäne = دامنه ) diýilýär. S. Atanyýazowuň ýazyşyna görä:” Türkmenistanda Gyzylarbat- Duşak aralygynyň Arkaç we Etek diýen has atlary bilen birlikde, Damana ady hem ulanylypdyr. Şu sebitde (Damanada) ýaşaýanlara damanaly, olaryň sündürip, ýaňlandyryp aýdym aýdyş tärine-de damana ýoly diýlipdir.”
Suratda: Horasanyň Deregez şäherinde ýaşan halypa Öwlüýäguly bagşy