قالب وردپرس

April 08, 2020

BOLMASA

BOLMASA

El bermez ýaryň bolmasa,

Synaňda naryň bolmasa,

Delsiň bilbil nagmasyna,

Ýyllarda ýazyň bolmasa.

***

Daglary ýaksa heseriň,

Galsa ebedi eseriň,

Rast hem bolsa diýme sözüň,

Içinde duzuň bolmasa.

***

Ümzügiňi atyp öňe,

Ymtylsaňda hakykata,

Eltaýmaz ol ýakynyna,

Kynda güzeriň bolmasa.

***

Ykbaly salsaň bazara,

Almazlar gara şaýyna,

Meger Ýusuf deý şahana,

Nurana ýüzüň bolmasa.

***

Döz gelip tanap daryna,

Ýöreseň yşkyň dagyna,

Girme Saýadyň bagyna,

Goluňda sazyň bolmasa.

—————–

ŞAHYR ANNA MUHAMMET SADA

Surat Saýat-Hemra kitabyndan: Saýat hanyň kenizi baga giren Aşyk Ahmedi urýar.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: