قالب وردپرس

December 10, 2019

BIZIŇ ÝEDIGENLERIMIZ

BIZIŇ ÝEDIGENLERIMIZ

Uly Ýedigen we Kiçi Ýedigen asmanyň demirgazyk tarapynda ýerleşen iki sany ýyldyzlar toparynyň adydyr. Bu iki toparyň her biri 7 ýyldyzdan ybarat bolýar.

Kiçi Ýedigeniň yzyna tirkelen üç ýyldyzyň iň soňkusy Demirgazyk ýyldyzydyr.

Şonuň üçin Uly Ýedigeniň alnyndaky iki ýyldyzdan Demirgazyk ýyldyzyna tarap göz öňüne getirilen çyzyk demirgazyk tarapy görkezýär. Geçmişde biziň ata-babalarymyz garaňky gijelerde Ýedigenlerden şeýdip ugur alypdyrlar.

Ylmy dilde Uly Ýedigene Ursa Major we Kiçi ýedigene Ursa Minor diýilýär.

Alman dilinde olara uly we kiçi araba diýilse, käbir goňşy halklarda olaryň uly we kiçi aýy atlary bar. (Dobbe Akbar we Asgar, Herse Bozorg we Kuçäk …)

Türkmenlerde 7-nji ogla Ýedigen ady hem dakylýar.

Ýedigenim ýedi ýyldyz, ýedi göçer, ýedi gonar, sanasam, sogaby bar (Sanawaç).

Related posts

1 Comment

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: