قالب وردپرس

October 18, 2019

Biz hakda

Türkmen Kultur Ojagy hakda

Türkmen Kultur Ojagynyň düýbi 1996-njy ýylyň ikinji ýarymynda tutulyp, onuň esasnamasynyň häzirki görnüşi 02.11.1996 güni, ikinji uly maslahatda makullanyp, Germanyýanyň Köln şäherinde resmileşdirilmäge tabşyryldy. Onuň esasnamasynda nygtalyşy ýaly, Türkmen Kultur Ojagy (T.K.O.) türkmen kulturyny goramak we ösdürmek hem-de özgeler bilen medeni işdeşlik alyp barmagy (interkulturell işlemegi) maksat edinýär.

T.K.O. 1997-den bäri, her ýylda Gurbanlyk, Nowruz we Pyragy günleri ýaly milli baýramçylyklary uludan uly belläp geçýär. Geçen ýyllarda, şeýle şowhunly dabaralarda Türkmenistandan we Türkmensahradan halkymyzyň at gazanan sazandarlary, bagşylary, şahyrlary, taryhçylary, edebiýatçylary we inteligent ogullary çagyrylyp, çykyş etdiler. Olardan halypa sazandar Akmyrat Çaryýew, şahyr Settar Sowgy we ýene onlarçalary at çekmek bolar.

T.K.O. gündelik ýaşaýşyň her hili pesli-belentli ýagdaýlarynda hem köpçüligiň ýanynda we içinde bolmagy başardy.

Türkmen Kultur Ojagy 1999-njy ýylyň August aýyndan başlap, 2004-nji ýylyň Ýanuaryna çenli çagalara türkmen dili we folklory kylasyny açdy.