قالب وردپرس

July 10, 2020

BITIK, BITIKÇI – sözleri hakda

BITIK, BITIKÇI – sözleri hakda

Entek hat diýen arap sözi türki dillere ýat döwründe, baryp Ⅵ-Ⅷ asyrlaryň gadymy Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärliklerinde bitig, bitmek sözleri ulanylypdyr. … Gadymy türki dilleriň ählisinde “hat”, “ýazgy”, has soňraklar bolsa “resmihat”, hatda “kitap” manylarynda –da bitik sözi ýörgünli bolupdyr.
Hat-petek diýen goşma sözüň iki sözi-de şol bir manyny aňladýar: hat-arap sözi, petek/bitik – türki söz.
Göktürkmen imperiýasynda bitikçi diýen emel hem bolupdyr. Ol emeliň eýeleri döwletiň ýazuw işlerini ýöredipdirler.
Bitikçi diýen wezipäni onuň ady bilen birlikde Çingiz hanyň guran döwletleri kabul edýär. Olarda pars dilinde ýazuwy ýöredýänlere MÜRZE, türki dilinde gadymy uýgur hatynda ýazýanlara bolsa BITIKÇI, ULUG BITIKÇI diýlipdir.

“Türkmen Diliniň Sözköki Sözlügi” kitabyndan gysgaldylyp alyndy
Surat: Göktürkleriň Orhon elipbiý tabelesi

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: