قالب وردپرس

July 12, 2020

(Birýana) Boldum imdi

(Birýana) Boldum imdi

Yşk ataşyna düşdüm, perwana boldum imdi,

Şowkuň közüne köýdüm, birýana¹ boldum imdi.

Jismim kebaba döndi, girýana boldum imdi,

Genç isteýenler gelsin, weýrana boldum imdi,

Aýryldym agýarlardan, bigana boldum imdi.

***

Çykardym başdan imdi dünýä höwesin mutlak²,

Ne perşe³ aýak basdyň, dolan bir özüňe bak,

Kül bolup, ýelge sowrul, ol güzerde janyň ýak,

Lazym oldy okymak, analhaku, minelhak,

Meý içip meýhanadan, mestana boldum imdi.

***

Dünýä menden hezl etmez, men hem bähre almaz men,

Odum ötgür, derdim köp, hoş wagt olup gülmez men,

Agyr baha älemni alty pulga almaz men,

Dost kaýsy, duşman kaýsy, parhyn edip bilmez men,

Hiç kimse aňmaz halym, aýana boldum imdi…

***

Bir mukama duş boldum, pikr anda pikre batdy,

Jan anda jandan boldy, huşundan gidip ýatdy,

Jeset ýolda ýok boldy, köňül özün unutdy,

Yşk goşun ýygyp gelip, akyl-mülkün dagytdy,

Talaňa berip aklym, diwana boldum imdi.

***

Magtymguly, her zaman, neýleýin olmaý girýan?

Pikir palçygna batdym, çyka bilmez men bir ýan,

Göwre harap, ten turap⁴, köňlümiň şähri weýran,

Jan jeset, til-akyldan aýrylyp galdy urýan⁵,

Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi.

******

 

1 Birýana (birýan) – gowrulan.

2 Mutlak– asla, düýpden.

3 Perş– düşek, haly.

4 Turap– gum, toprak.

5 Urýan– ýalaňaç.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: