قالب وردپرس

July 10, 2020

Bilmezmiň

Bilmezmiň

 

Galam alyp, namany¹ gönderdigim bilmezmiň?

Efsun² urup, hüthütni inderdigim bilmezmiň?

Arş üstüne galdyryp, mündürdigim bilmezmiň?

Tört gije, üç gün aglap, diňdirdigim bilmezmiň?

Eşek münüp, Isa dek ýeldirdigim³ bilmezmiň?

***

Mejnun kibi sährada aglaý-aglaý gezdigim,

Gözüm ýaşyn merjen deý düzüm-düzüm düzdügim,

Warka kimin Gülşadan ölüp, umyt üzdügim

Joşgun berip yşk odun, gaýnap-gaýnap gyzdygym,

Şibli kibi bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?

***

Hüthüt kimin Pereňden Çyn-Maçyn diýp bardygym,

Bag içinde Bylkysyň saçyn açyp gördügim,

Süleýmanyň tagtyndan sözläp, habar berdigim,

Guş gonsun diýp başymga, bilbil heňin gurdugym,

Çarşenbe gün çaş wagty gondurdygym bilmezmiň?

***

Surahnyň⁴ arkasynda Mejnun gurdy jadyny,

Bismilla diýp başlady, çagyrdy ustadyny,

Hakdan gaýry bir kimse eşitmedi dadyny,

Kyrk aşyk nagra çekip, şugla urdy oduny,

Göz ýaşymdan suw alyp, söndürdigim bilmezmiň?

***

Şirwan hanyň söwdasy ne ajaýyp söwdadyr!

Gyldan bir ýan agdyrsa, kyýamat gün ryswadyr,

Ýüz ýigrimi sap gurlup, her sapda bir gowgadyr,

Aşyklygyň joşguny akmaz uýgun derýadyr,

Bir jurgadan⁵ kyrk aşyk gandyrdygym bilmezmiň?

***

Ýetilmemiş şunkarym, gamyş ganat-ak türpek,

Dünýä meni taýdyrdy, bir ýanym etdi urpak,

Jany jiger köýüban, tartar, gan goýmaz torpak,

Her tikenden ýüz gunça, her kyrk gülden bir ýarpak,

Dagy-daşy eleýip, öndürdigim bilmezmiň?

***

Magtymguly, sözleýir, dokuz pelek Zöhresi,

Ýedi ýyldyz gardaşy, Aýyň, Günüň parasy,

Nury-didäm⁶ ýagtysy, ak gözümiň garasy,

Aby-zemzem çeşmesi, Sapa, Merwe arasy;

Süleýman dek ähdimni syndyrdygym bilmezmiň?

******

 

1 Nama– hat.

2 Efsun– owsun.

3 Elmek– ýüwürmek, çapmak, ylgamak.

4 Surah– gowak, gädik, deşik.

5  Jurga– owurt suw, damja.

6 Dide– göz.

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: