قالب وردپرس

July 10, 2020

Baradyr

Gam dumany basyp garyp köňlümni,

Göz ýaşyn saklamaý, döküp baradyr;

Kimdir rehm eýleýip soran halymny?

Bozuk köňlüm erkin ýykyp baradyr…

***

Gerçe ot ýaksalar aşyk ýagyndan,

Ölüm asan erer dost pyragyndan

Hijran meni goýdy sabyr dagyndan,

Pyrak bogum-bogum söküp baradyr…

***

Ol döwri-döwranym çarh bulaşdyrdy,

Gam meni guratdy, ot tutaşdyrdy,

Yşk meni ýandyrdy, hetden aşdyrdy,

Ýüregim içimden çykyp baradyr…

***

Parahat ýatyrdym, nebsimi besläp,

Turdy köňlüm, ýar jemalyn höwesläp,

Hakdan hajat diläp, myradyn isläp,

Gözüm ol ýollara bakyp baradyr…

***

Magtymguly, mejalym ýok, sözläýin,

Dostlarga derdimni beýan eýläýin.

Eý ýaranlar, ýyglamaýyn neýläýin?

Yşk meni ýandyryp, ýakyp baradyr.

 

*** *** ***

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: