
BAHAR GELÝÄR AL-ELWAN BEZENIP
Gadyrdan dostlar,
soňky günlerde Kölnüň gögünden Gündogara tarap uçup geçen durnalar, ýetip gelýän güneşli ýaz möwsümini habar berdiler.
Muny duýup, biz hem täzeden oýanmagyň, döredijiligiň, dürlüligiň we gözelligiň taýsyz nusgasy bolan bol bereketli bahary aýdym-sazly we şowhunly dabara bilen garşylamaga taýýarlanýarys.
Siz hem gelip goşulsaňyz bahar meýlisimiz bir kemsiz bolar.
Duşuşyk ýeri: Allerweltshaus, Körner Str. 77, 50823 Köln
Zamany: Şenbe güni, 23.03.2019- sagat 18:30-22:30
Hormat bilen
Türkmen Kultur Ojagy
Köln, 02.03.2019