
Bahar baýramy (Nowruz 2017)
Bahar baýramy ( Nowruz) her ýylyň 20-, 21-nji Martynda Orta Asiýa, Balkan, Kafkaz, Gara deňiz ýakasy hem Orta Gündogarda dabara bilen gutlanýar!
Türkmenler hem Nowruzy gadymdan bäri sazly- söhbetli şadyýanlyk bilen gutlaýarlar! Baharda tebigatyň täzeden janlanyp, dürli nygmatlary ynsana we ähli jandarlara hödürleýändigine türkmenler hem minnetdarlyk bilen garap, Nowruzy söýginiň, ýaşaýşyň, döremegiň we bereketiň symwoly diýip tanyýarlar.
2009-njy ýylyň 30-njy septembirinde UNESCO nowruzy ynsanyň uly medeni mirasy hökmünde resmi hasabata aldy! 2010-njy ýylyň 10-njy Maýynda Birleşen Milletler Guramasy-da” halkara nowruzy”dostluk güni diýip yglan etdi!