قالب وردپرس

July 06, 2020

AZ BOLSUN, UZ BOLSUN!

AZ BOLSUN, UZ BOLSUN!

Bu ýyl kultur ojagymyzyň adyndan gurlan Bahar baýramçylygyna goşulan adamlaryň sany çäkli hem bolsa, ol örän owadan we sazlaşyklydy.

Toýa gatnaşan ýigrim bäş töweregi adamlaryň ýarysy ýaş-ýetginjeklerimizden ybarat boldy. Ojagyň müdiriniň gutlagly sözlerinden soň gözel gyz Arzuw Şirmohammadi “Aýly agşam” aýdymyny örän owadan ýerine ýetirdi. Onsoň ýaş ýigit Ýaşa Gerkez öz düzen sazlaryndan “Jemal” we “Garaşýan” atly sazlaryny pianoda çalyp berdi. Soň “Obamyzda” atly teater oýny görkezildi.

Ussatlyk bilen taýýarlanan agşamlyk iýmitden soň ildeşimiz Elýas Seýdiň Piano çalmagynda bir näçe aýdym aýdyldy.

Toýuň dowamynda ýoldaşlarymyzyň ýakyndan-uzakdan telefon üstünden aýdan gutlaglary bizi has hem begendirdi.

Bu toýuň sazyna we duzuna ýardam eden ýoldaşlarymyza, şeýle-de bizi sylap ýüzlerçe kilometer ýoly külterläp gelen myhmanlarymyza tüýs ýürekden bolan minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Köln, 25.03.2018

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: