قالب وردپرس

October 25, 2020

Aýryldym

Bilbilem, ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym;

Gözden ganly ýaşym döküp,

Ol sewer ýardan aýryldym…

***

Ýara ýaraşar üç müçe,

Sypatyn söýlerem ençe.

Lebi şeker, agzy gunça,

Ol zülpi-tardan aýryldym.

***

Şirin janda ýokdur takat,

Jebri anyň jana rahat,

Gaşlary pitneýi-apat,

Çeşmi-hunhordan aýryldym.

***

Aýryldym gunça gülümden.

Syýa saçly sünbülimden,

Hoş owazly bilbilimden,

Şirin güftardan¹aýryldym.

***

Däli köňlüm arzymany,

Külli gözelleriň hany,

Sekiz jennetiň bostany,

Bakjaly bardan²aýryldym.

***

Illeri bar diňli-diňli,

Sowuk suwly, ter öleňli,

Ili — gökleň, ady — Meňli,

Näzli dildardan aýryldym.

***

Magtymguly, aşyk mestan,

Bagladym şanyna destan,

Menzilgähi³bagy-bostan.

Almaly nardan aýryldym.

******

1  Şirin güftar– süýji sözli

2  Bar– miwe.

3  Menzilgäh– bolýan ýeri, mekan, öý.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: