April 17, 2021

Aýa döndi

Pyragy:            Aýa döndi

 

Ýüzi mahy-tabanym,                       Gün ýaly aýa döndi,

Çarh oldy nerdiwanym,                   Gök paýa-paýa döndi.

 

Bir gün aşyk şowk oldy,                  Gam-gussasy ýok oldy,

Her kirpigiň ok oldy,                       Gaşlaryň ýaýa döndi.

 

Aşygy saldyň oda,                           Goýduň gitdiň uýada,

Günorta berdiň wada,                      Wagt geçdi, saýa döndi.

 

Jan galmady bedende,                     Ýanar men ah edende,

Gözüm gelip-gidende,                     Her günüm aýa döndi.

 

Müň söwdam bar, bir başym,          Goýdum ilim, gardaşym,

Aglamakdan gözýaşym,                 Joşgunly çaýa döndi.

 

Magtymguly gezende,                     Halap, Kaýsar düzünde,

Gözel ýaryň yzynda,                       Ömrümiz zaýa döndi.

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.