
Atoglan sözi sözlüklerde
Türkmensahrada, Owganistanyň türkmen welaýatlarynda we Türkmenistanyň Daşoguz we Balkan etraplarynda atçapgylarda ýaryşa goşulýan atlary çapýan oglanlara ATOGLAN diýilýär.
Dr. Soltanşa Atanyýazowuň ýazyşyna görä: “Bu adalga arassa türkmen sözlerinden emele gelen aňlatmadyr.”
Sözlüklerde bolsa bu aňlatma köplenç “Çapyksuwar” ady bilen berilýär.
Biz Atoglan sözüne diňe Dr. Mohammad Salih Rasekhyň Türkmen-Däri (Pars) sözlüginde duş geldik. Dr. Rasekh “At oglan” sözüni däri diline (Beçeýe çaboksawar = بچه چابک سوار ) “Çapyksuwar oglan” diýip ýazýar.
20.09.2017