
-Dogluş tertibi bilen baglanyşykly atlar: Geçmişde türkmenler ilkinji bäbege Ak, Aý bilen başlanýan atlar dakypdyrlar. Aköýli (Agöýli), Aksoltan, Aýsoltan.
Ikinji bäbege Taýli, üçünjä Tagan, dördünjä Dörtguly, bäşinjä Bäşim we ş.m.
– Ady bilen gelen bäbek: Bäbekleriň dünýä geliş şertleri, olaryň bedenlerindäki aýratynlyklary göz öňünde tutulyp at dakylypdyr: Güýçgeldi, Gaýly, Giçgeldi, Tuwak, Saçly, Artyk, Alty (alty barmakly), Goşa (bitişik barmakly) we ş. m.
– Ekizlere dakylýan atlar: Ýusup-Ahmat, Omar-Osman, Hydyr-Ilýas, Zöhre-Tahyr, Ýusup-Zylyha, Äýşa-Patma, Altyn-Kümüş, we ş.m.
– Familiýa-Soýady (ata-baba atlary): Gadym zamanlarda soýady bolmandyr. …ogly, …gyzy, …aýaly diýen däp bolupdyr. Belli alymlar, şairlar arasynda ýa özleriniň özlerine ýa-da halkyň olara dakan lakaby-tahallusy ýörgünli bolupdyr: Azady, Zelili, Ibn-i Sina, Fuzuly …
Soňralary adamlaryň taýpa-tireleri familiýa-soýady edip ulanylypdyr: Annageldi Aç (Ýomutlaryň Kelte taýpasynyň bir şahasynyň ady), Annaberdi Salyr we ş.m.
Araplar Orta Asiýany basyp alanlaryndan soňra bolsa adamlar dünýä gelen ýerlerini soýady edip ulanyp başlapdyrlar: Farabi, Merwezi, Horezmi ýaly.
——————————
Taryhyň Ýapraklarynda Türkmenler- Dr. Mehmet Kylyç