قالب وردپرس

September 18, 2020

Altyň biri

 

Altyň biri

Sözleri: Kerim Gurbannepes,      Sazy: Sahy Jepbar

 

Bir şahada alty nara,        —         Meňzäp duran alty jora,

Işden gelip agşamara,      —         Guýudan suw çekip gitdi.

 

Akylym aldy altyň biri,   —          Her bakyşy derde däri,

Ýüregimde şondan bäri,  —          Yşk ataşyn ýakyp gitdi.

 

Suw diledim agzym gurap, —       Içiň diýdi ýylgyrjyrap*,

Içdim gyza ogryn garap,     —       Suw ýakamdan akyp gitdi.

 

Has dogumly, has serdaşly, —      Onsekiz, ondokguz ýaşly,

Gül ýakasy tylla gaşly,        —      Ýyldyrym dek çakyp gitdi.

 

Söýenimi aňlamady,           —       Ýa aňsa-da geňlemedi,

Aýtjak sözüm diňlemedi,    —       Gözün, gaşyn kakyp gitdi.

 

Ýa-da onuň ýary barmy?    —       Bir görmäge zary barmy?

Ýa-da mende ary barmy?   —       Ýürejigmi ýakyp gitdi.

Bogun-bogun söküp gitdi.

———————–

* ýygryljyrap

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: