August 01, 2021

ALAÝONTLY OGUZLAR (TÜRKMENLER)

ALAÝONTLY OGUZLAR (TÜRKMENLER)

XI asyr alymy Mahmyt Kaşgarly 22 (hakykatda 24) türkmen taýpasynyň 17-njisi hökmünde Ula-Ýondulug diýen taýpanyň adyny ilkinji gezek tutýar. Reşideddin (XIV asyr), türk alymy Ýazyjy-ogly (XV), Salar Baba Gulaly ogly (XVI), Abylgazy (XVII) ýaly alymlaryň işlerinde Alaýondly—adam ady, ýagny Oguz hanyň Daghan oglundan bolan agtygynyň ady hasaplanýar. Ýazyjy-ogly we Abylgazy bu adyň manysyny “ala atly” diýip düşündirýärler.

Gadymy türki dillerde ýund sözi “ýylky, at” diýen manyda ulanylypdyr. Hatda Mahmyt Kaşgary ýylky ýylyny-da ýund ýyly diýip atlandyrypdyr. Ýund sözi “baýtal” manysynda häzire çenli türk dilinde saklanyp galypdyr. Ähtimal, türkmen dilindäki ýona we ýonaçy sözleri hem şu söz bilen asyldaş bolsa gerek. Diýmek, alaýontly—“ala atly” diýen manydadyr.

Türki halklar, şol sanda türkmenler aty mukaddes mal hökmünde eý görüpdirler. Muny “Ertir turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen türkmen nakyly hem tassyklaýar.

——————-

ŞEJERE – Soltanşa ATANYÝAZOW

Gysgaldylyp alyndy

Taýýarlan: Suwhan Gylyçtagan

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.