
Alan ýagşydyr
Adam ogly, bu dünýäge gelensoň,
At bilen abyraý alan ýagşydyr.
Bir namardyň saýasynda bolandan,
Bürgüt penjesinde galan ýagşydyr.
***
Hataryň görküdir iner, maýalar,
Ilimiň kuwwaty merdana ärler,
Ýalançy taňrynyň duşmany diýrler,
Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr.
***
Magtymguly, diýer sözüm dag aşmaz,
Namart adam ýoldaşyna garaşmaz,
Hergiz ýas öýünde gülmek ýaraşmaz,
Toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr.
***
Hergiz namart köprüsinden geçmäňler,
Gark bolup, derýada galan ýagşydyr.
*******