قالب وردپرس

October 24, 2020

ALAMANÇYLYK WE TÜRKMENLER

ALAMANÇYLYK WE TÜRKMENLER

XIX asyryň taryhçylary türkmen halkyny bir bibaş, diňe alamançylyk bilen meşgul bolýan, tertip-düzgün bilmeýän halk hökmünde suratlandyrýardylar. “Türkmen bar ýerde ýurt bolmaz, galaly ýerde gurt bolmaz” diýen ýaly nakyly getirip, biziň halkymyzy başdan-aýaga gara donly edip görkezjek bolýardylar. Şu meselede hatda XX asyryň uly alymlary-da türkmenleri nädogry häsiýetlendiripdir. Akademik A. N. Samoýlowiç Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” poemasy barada ýazan ylmy işinde “…Eýranyň şäherlerine we obalaryna alamançylyga gitmek tä ruslar Zakaspini basyp alýança türkmenleriň maddy-ýagdaýynyň esasy çeşmesi bolupdyr” diýip ýazýar. Elbetde, alamançylygam, çapawulçylygam bolupdyr. Ýöne alamana gitmek halkyň kesbi däldi. Oňa diňe özüne göwni ýetýän ýa-da iki ýanyny deňlän adamlar gidipdir. Alamana gyzgalaňly waka hökmünde garaýan batyr adamlar bilen birlikde agyr güne çydaman ýa-da berginiň aşagyndan çykmak maksady bilen gidýän garyp-gasarlar-da bardy. Alamançylyga Eýran şalarynyň türkmenlere sütem berýän syýasatyna garşy protest, ýagny olaryň zulmuna jogap hereketi hökmünde garaýan alymlar-da bar. Alamançylyk etmekde Hywa hanlary, Horasanyň we Astrabadyň ýerli häkimleri türkmenleri ulanypdyr, olara nirä barmalydygy, haýsy kerweni talamalydygy barada ýol salgy beripdir, alan oljasynyň bäşden birinem özleri alypdyr.

 

Türkmenleriň garşysyna duşmançylykly propaganda XIX asyryň ortasynda has hem güýjeýär. 1851-nji ýylda türkmenleriň üsti bilen Eýranyň ilçisi Rzaguly han Garagumy söküp, Hywa geçip gidýär. Şondan soň türkmenleri kellekeser alamançy edip görkezmek baradaky nädogry düşüeje has giň ýaýrap başlaýar. Türkmen halkyna garşy gönükdirilen bu duşmançylykly propaganda aslynda Hywa, Eýrana, soňra patyşa Russiýasyna türkmenleriň ýurduny basyp almak, tabyn etmek boýunça alyp barýan agressiw syýasatyny, harby ekspansyýasyny aklamak üçin gerekdi. Bularyň hemmesi biziň üstümize harby ýöriş edende talaňçy, alamançy, hiç kime boýun synman, çöl-beýewanlarda garakçylyk edip, kerwen ýollaryny kesýän, zyýarata barýan ýa-da gaýdyp gelýän hajylary, syýahatçylary, ilçileri talaýan türkmenleri tertibe salmak maksady bilen goşun iberýändiklerini aýdýardy. Emma XIX asyryň ortasyndan başlap türkmenler goňşy döwletleriň agressiýasyna garşy aýgytly göreş alyp bardy, gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezip, watanyny gorady.

 

——————-

-Türkmenistanyň Taryhyndan Materiallar – Prof. Myrat Annanepesow

-Gysgaldylyp alyndy

-Bu ýazgyň ady bizden

 

Taýýarlan: Suwhan Gylyçtagan

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: