September 18, 2021

Alaçyk hakda

Alaçyk hakda

Alaçyk hakda

Alaçyk [a:laçyk] – Iňňän gadymy döwürlerde «gara öý» manysynda ulanylan bu türki söz, biziň pikrimizçe, «a:ly (a:lny, öňi) açyk» sözlerinden bolmaly, çünki gara öýlere öň gapy edilmän, oňa derek galyň matadan, keçeden, kilimden, halydan tuty gabsalar bejerilipdir. Ençeme türki halklar, şol sanda türkmenler hem gara öýe öň alaçyk diýipdirler. Meselem, XI  asyrda Maňgyşlaga birbada bäş müň alaçykly türkmeniň göçüp gelenligi barada maglumat bar. Majar alymy G. Wamberi alaçyk sözüni «türkmeniň gara öýi» diýip düşündiripdir. Alaçyk diýen türki söz alaçuk görnüşinde pars diline we laçuga görnüşinde orus diline hem aralaşypdyr.

 

TÜRKMEN DILINIŇ SÖZKÖKI SÖZLÜGI kitabyndan

 

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.