
Agyr gelen habar
Agşam ara toý myhmanlaryna çekdirme çekilipdi. Giň bir otagda, tabak başyna 3-4 adam bolup iýip otyrdyk. Jaýyň ileri tarapynda bize ýakyn oturan inçe we süýri boýly bir myhman, gaýra tarapda, penjiräň ýanynda iýip oturan Medrege gygyryp: “Heý Medrek, nädip otyň açlykdan çykan towuk ýaly bolup?” Diýdi. Medregiň jogaby myhmanlary köp garaşdyrmady. Ol:” Özüň nädip otyň burnuňy samawaryň çürnügi ýaly edip?” diýdi. Medregiň sözüni eşidip, gözüm birbada şol adamyň burnuna düşdi. Şonda, şol uzyn burny Medrekden gowurak wasp edip biljek adam tapylmajagyna ynandym.
Medrek şorta dilde siňekleri çybynlaryň garşysyna uruşdyrardy. Siňekleri bir keliň kellesine gonduryp, olary sürşdirerdi, taýdyryp öldürerdi, ýaralardy. Medrek bu gürrüňlerini radio-telewisionyň agşamlyk habarlary hökmünde aýdardy.
Guýma gursak, gülki sultany “Medrek”, Amanmuhammet Myladyň ýatan ýeri ýagty bolsun!
Ýazan: Suwhan Gylyçtagan
Köln, 03.05.2018