قالب وردپرس

October 29, 2020

ABA SERDARYŇ GOZGALAŇY

ABA SERDARYŇ GOZGALAŇY

16-njy asyrda Etrek we Gürgen derýalarynyň aşak akymynda ekerançylyk we ýarym çarwaçylyk bilen meşgullanýan türkmen (gökleň, okly, ýemreli we b.) taýpalary ýaşapdyrlar. Olaryň ykdysady-syýasy ýagdaýy örän agyr bolupdyr. Olar Hywa hanlygynyň raýaty hökmünde Horezm soltanlaryna agyr salgyt (pul, mal we nöker) töläpdirler hem-de Iranyň ýerli (Astrabat) häkimiýetleri tarapyndan gysylyp- talanyp gelipdirler.

 

1550 ýylynda Astrabadyň täze häkimi Keçel Şahberdiniň türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşmagy zerarly gozgalaň başlanypdyr. Okly taýpasynyň kethudasy Aba serdaryň (?1525-1560 ?) baştutanlygy astyndaky gozgalaňçylar Keçel Şahberdiniň garyndaşy, gözegçilik etmek we salgyt ýygnamak üçin goýlan Şatyr begi öldüripdirler. Gahar-gazaba münen Keçel Şahberdi goşun çekip baranda, okly türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni hem öldüripdirler.

Şondan soň gozgalaň bütin türkmen obalaryny gurşap alypdyr.

 

Iran şasy Tahmasp şanyň (1524-78) uly goşun iberip, Aba serdaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin birnäçe synanyşygy başa barmaýar. Şoň üçin hem olar hilegärlik edýär we ilki bilen Aba serdara Iranyň belli serdarlarynyň biriniň gyzyny berýärler. Aba serdar (34-35 ýaşlarynda) gije ýatyrka şol gyzyň ýany bilen hyzmatçy hökmünde iberilen adamlaryň eli bilen öldürilýär.

Aba serdaryň gozgalaňynyň netijesinde Etrek-Gürgen türkmenleriniň erkanalygy Şah Abbas I.niň tagta çykan ýylyna (1587) çenli dowam edipdir.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: