Ýar bizim sary
Gulzumy¹ gyrsanyp kyrk ýol geçer men,
Eger ki meýl etse ýar bizim sary;
Gadam ýerne ganat baglap uçar men,
Diýse dilber: «Aşyk, ýör bizim sary».
***
Kyrk ýyl gol gowşuryp, gullukda dursam,
Alty günçe görmen, altmyş ýyl ýörsem,
Bir şunçakly bolsa, görsem, jan bersem,
Jemalyn arz etse bir bizim sary.
***
Ne laýykly ýüzüm bardyr tutarga,
Ne aýry gapym bar onda giterge?
Umyt bar goýnunda bile ýatarga,
Dergahyndan açsa der²bizim sary…
***
Bir kimse ýolukdy desti³şeraply,
Ýelden jaýnamazly⁴, suwdan mähraply,
Egni ak redaly⁵ ýaşyl nykaply
Ugraşdy bir ajap är bizim sary.
***
Ýoldaş bolup bile ýördüm bir meýdan,
Meýdan içre dolup oturmyş merdan,
Bir eýwan üstünde çyrlap tört ýerden,
Diýdiler: «Goluňny ber bizim sary!».
***
«Pyragy!» diýp çagyrdylar, eltdiler,
«Kandadyň?» diýp, gulagymdan tutdular,
Istihanym⁶ altmyş para etdiler,
Diýdiler: «Mert olsaň, ýör bizim sary!»
***
Magtymguly bäş gün aşret sürmäge,
Jaý imesdir eglenmäge, durmaga,
Kararym ýok oturmaga, turmaga
Agzyn açyp durmuş ýer bizim sary.
******
1 Gulzum– Müsür bilen Arabystan aralygynda bolan Gyzyl deňiz.
2 Der– gapy, işik.
3 Dest– el.
4 Jaýnamaz– namazlyk.
5 Reda– don
6 Istihan- Sünk