Agaç ekeni biler, at – bakany.
Akylly başda biler, akmak-başa gelende.
Alma biş, agzyma düş.
Atalar sözi – akylyň gözi.
Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek.
Aýdylan söz – atylan ok.
Azapsyz ýeriň ady ýok.
Bagşynyňky «haý» bilen, mollanyňky «waý» bilen.
Baş bolmasa, göwre – läş.
Başyňa düşse, başmakçy bolarsyň.
Batyr ýarasyz bolmaz.
Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan – müňini.
Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni ýuwudar.
Bolsady ekseň, käşgädi gögär.
Çaga-da eje diýip aglar, uly-da.
Çakylyksyz baran düşeksiz oturar.
Çaman ördek ir uçar.
Çanak döwügi seplener, ýürek döwügi eplener.
Çopana meýlis haram.
Çöl görki suw, suw görki guw.
Çyn söz kasam islemez.